Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar

Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar

Gazete.ru saýty tarapyndan berilen habarda, Russiýanyň Daşary işler ministrligi ady agzalan işi Adalat ministrligi bilen bilelikde alyp barýandygy, emma soňky kararyň hökümet tarapyndan beriljekdigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow Talibanyň wekiliýetiniň Russiýada geçiriljek 15-nji Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForuma çagyrylandygyny we olaryň foruma gatnaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Moskwa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek platformasy hökmünde häsýetlendirilýän KazanForum, 14-19-njy maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.

Kabulow jikme-jik ýagdaýda beýan bermekden saklanyp, Russiýanyň Owganystanyň Taliban hökümedi bilen halkara terrora garşy göreş babatynda dowamly häsýetde hyzmatdaşlyk içindedigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada, Talibanyň Terror Guramalarynyň Sanawyndan Çykarylmagy Teklip Edildi
Medwedew Russiýanyň Taliban bilen bagly çemeleşmesi barada beýanat berdi
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar