Russiýa Türkmenistandan ýabany bars getirmek boýunça gepleşikler geçirýär

Russiýa Türkmenistandan ýabany bars getirmek boýunça gepleşikler geçirýär

Kawkazyň biosfera goraghanasy Russiýada ýitip barýan görnüşleri köpeltmegiň üstüni dolmak üçin Türkmenistandan we Pakistandan ýabany barslary getirmek mümkinçiligini öwrenýär.

Bu barada Soçiniň milli seýilgähiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Şewelew “Sirius” uniwersitetinde tebigaty goramak boýunça geçirilen maslahatda mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, Günbatar Aziýa barsyny köpeltmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde iki ýurt bilen gepleşikler üç aý mundan öň başlandy. XX asyra golaý döwürde aşa awlanylmagy netijesinde bu görnüşli barslaryň sany ep-esli azaldy we Kawkaz sebitinde düýbünden ýitip ýok boldy.

Seýrek duş gelýän ýabany haýwany öňki gurşawa gaýdyp getirmek üçin Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministrligi bu görnüşi dikeltmek boýunça maksatnamany öňe sürdi. Prezident Wladimir Putiniň goldamagy netijesinde Soçiniň milli seýilgähinde bolsa bu babatda ýörite merkez döredildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistandan ýabany gaplaňlary göçürmek barada gepleşik geçirýär
Kamçatkada 19-njy dekabrda ýiten An-2 uçary tapyldy
Ahalda bugdaý oragynda 'ogurlygyň' öňüni almak üçin gözegçilik edilýär
Braziliýada G20-niň sammiti geçýär
Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Kerolaýn Liwitt Ak Tamyň metbugat kätibi wezipesine bellendi