Russiýa-Ukraina söweşi dowam edýär

Russiýa-Ukraina söweşi dowam edýär

Kiýewe soňky 1 günde 3 aýry gezek uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy. Hüjümlerde azyndan 1 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.

Hüjümde adamlar howsala düşüp metro beketlerine we gaçybatalgalara ylgadylar. 20-den gowrak uçarmansyz howa ulagynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ukrainanyň goşunyndan düýn berilen beýanatda, Russiýanyň Kiýew şäherini nyşana alyp 11 Iskender raketa atandygy, raketalaryň ählisiniň howada täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilipdi.

Russiýanyň ýekşenbe güni hem 54 uçarmansyz howa ulagy bilen Ukrainany nyşana alandygy, şolaryň 52-siniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edilipdi.

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine hem uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

Od açylyp ýere gaçyrylan uçarmansyz howa ulaglarynyň käbir binalara kiçiräk zeper ýetirendigi, 1 adamyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygy beýan edildi.

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak, ýurdunyň Moskwa uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa uzak aralykly ganatly raketalar bilen Ukrainanyň goşunyna degişli howa bazalarynyň nyşana alynandygyny habar berdi.

Ukrainanyň goşunyndan berilen beýanatda port şäheri Odessa garşy guralan hüjümde 5 uçaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başladan we eýýäm 15 aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşde Zaparožýe, Harkow, Lugansk, Herson sebitlerindäki front liniýalarynda çaknyşyklar dowam edýärkä, esasan hem soňky 8 aý bäri iň aldym-berdimli çaknyşyklaryň bolýan ýeri bolsa Donetsk boldy.

Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Bahmut şäherindäki front liniýasynda ýerleşdirilen Ukrainanyň goşunynyň artilleriýa topary Russiýa degişli ýerlere hüjümler guraýar.

Beýleki tarapdan bolsa amerikaly senator Lindsi Gremiň Ukraina guran sapary we ondan soň beren beýanatyndan soň Russiýa Gremiň adyny gözlenýänleriň sanawyna goşdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Russiýa, Ukrainanyň Harkow Şäherine Hüjüm Gurady
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy