Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Russiýanyň territoriýasynyň çägine 25 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Düýn gije resmi Kiýewiň Russiýa Federasiýasy topraklaryndaky nyşanalara garşy uçar kysymly 25 uçarmansyz howa ulagy ulanyp guran hüjümleri duruzyldy" diýip bellendi.

Rus howa goranyş ulgamlarynyň hüjümleri täsirsiz ýagdaýa getirendigi bellenen beýanatda, Moskwa sebitinde 2, Leningrad sebitinde 1, Belgorod sebitinde 7, Kursk sebitinde 11, Brýansk sebitinde 1, Tula sebitinde 1 we Orýol sebitinde 2 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ukrainnyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi we şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina urşy başlapdy.

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagynyň we nasistlerden saplanmagyny maksat edinýändigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Günbatar Halkara Hukugyň Ýerine Öz Kadalaryny Iş Ýüzüne Geçirtmek Ysleýar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýa NATO-nuň Giňelmegine Garşy Iki Harby Sebit Döretdi
Şoýgu Fransuz Käredeşine Duýduryş Berdi
Şoýgu Fransuz Kärdeşine Duýduryş Berdi
Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi