Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy

Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy

Rus energetika firmasy DTEK, Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Gara deňiz sebitiniň Odessa şäherinde energetika desgasyna guran hüjüminiň maddy taýdan uly ýitgi çekilmegine sebäp bolandygyny habar berdi.

DTEK tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada “Hüjüm sebäpli desga uly zeper ýetirildi. Desganyň abatlaýyş işleri birnäçe wagt dowam edip biler” diýildi.

Gubernator Oleg Kiper mesele hakynda beren beýannamasynda, hüjüm sebäpli sebitde käbir ilatly ýerleriň elektrik togynyň kesilendigini aýty.

Kiper Telegramdan beren habarnamasynda “Duşman tutuş gije Odessa guraýan hüjümlerini dowam etdirdi” diýdi.

Resmi Moskwa oktýabr aýyndan bäri Ukrainanyň energetika pudagyny nyşana almaga dowam edýär.

Rus hüjümleri sebäpli aşa sowuk howalarda millionlarça adamyň elektrik togy kesildi. Hüjümler ýyladyş ulgamynyň bökdelmegine sebäp boldy.

Odessa şäheri we töwerekleri ýygy-ýygyndan hüjümlere sezewar bolýar.

Ýene degişli makalalar

DT: ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri
DT: Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar
Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar - DT
DT: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär
DT: Soňky sil suwlary häkimiýetleriň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini 'synagdan geçirdi'
DT: Syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy we 'pyntyklaýan pikirler'