Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy

Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy

Russiýa, Ukrainanyň paýtagty Kiýewe we ýurduň günbatarynda ýerleşýän Lwow şäherine howa hüjümini gurady.

Hüjüm sebäpli paýtagtda müňlerçe adam gaçybatalgalara geçdi.

Kiýewde howa goranyş ulgamlary tarapyndan birnäçe raketanyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi we birnäçe ýerde partlamanyň bolandygy habar berildi.

Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Lwow şäheriniň nyşana alynmagy sebäpli Polşada harby uçarlar adatdan daşary ýagdaýa geçirildi.

Ukrainanyň howa güýçleri ruslaryň Ukrainanyň Odessa we Nikolaýew sebitlerine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň harby goşunynyň hem Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krym ýarymadasyna raketa hüjümini gurandygy bellenildi.

Siwastopol şäheriniň häkimi Mihail Razwožaýew şähere guralan hüjümde howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina tarapyndan atylan 10-dan gowrak raketany täsirsiz ýagdaýa getirendigini, wakada 1 çaga bilen 1 zenanyň ýaralanandygyny aýtdy.

Krym köprüsüniň hem wagtlaýyn ýapylandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina, Kerç Bogazynda Rus Tankerini Nyşana Aldy
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
Müsürde, Ysraýylly Syýahatçylar Nyşana Alyndy
Siriýanyň Harby Goşuny Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Türkiýe Bilen BAE-niň Arasynda 50,7 Milliard Dollarlyk Şertnama Baglaşyldy
Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen bagly Kanuna üýtgetmeler girizildi