Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy

Russiýanyň Sibir sebtindäki Ýakutiýada (Saha Respublikasy) termometrler 56 dereje sowuk howany hasaba aldy. Ýurduň paýtagtynda bolsa galyň gar ýagdy.Dünýäniň iň sowuk şäherleriniň biri bolan Yakutskda gyşyň ilkinji günlerinde 44-47 dereje sowuk boldy.

Oýmýakom obasynda bolsa, gijesine 56 dereje sowuk bolandygy habar berildi.Meteorologlar ýel we çyglylyk sebäpli duýulýan temperaturanyň 60 dereje sowuk bolandygyny belleýärler. Ýurduň Milli meteorologiýa gullugy ýurduň Ýewropa böleginde, Urallarda we Sibirde dekabryň birinji hepdesinde doňakçylygyň artjakdygyny mälim etdi.

Moskwadaky garyň galyňlygy kä ýerlerde 35 santimetre ýetdi. Şäheriň aeroportlaryndaky käbir howa gatnawlary yza süýşürildi.Hepdäniň dowamynda şäherdäki temperaturanyň 20 dereje sowuk boljakdygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň sowuk şäheri
Aziýanyň çagalary tamamlandy
Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy
Amurdan Hytaýa köpriniň gurluşygy tamamlandy
Beýik çaý ýoly Russiýany, Hytaýy we Mongoliýany birleşdirer
Russiýada 10 Müňden Gowrak Öý Suwuň Aşagynda Galdy