Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy Ýekaterinburgda içalylyk edýändigi sebäpli sakalanan Amerikanyň “Woll Striit Jornal” gazetiniň Moskwadaky habarçysy tussag edildi.

Rus habar gulluklarynyň mälim etmegine görä Moskwanyň Lefortowskiý kazyýetinde metbugata ýapyk häsýetde geçirilen diňlenşikde kazy, FSB-niň talabyna laýyklykda adybir gazetiň Moskwadaky ofisinde habarçy bolup işleýän Ewan Gerskowiçiň 29-njy maýa çenli tussagda galmagy hakynda karar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Amerikanyň raýatynyň Ýekaterinburgda edýänleriniň žurnalistlik bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny beýan edip; “Gynansagam, “daşary ýurtly habarçy” derejesiniň, žurnalistlik wyzasynyň we akkreditasiýasynyň ýurdumyzdaky daşary ýurtlular tarapyndan žurnalistika bilen bagly bolmadyk işleri gizlemek üçin peýdalanylmagy görülmedik waka däl. Ol, ele salynan ilkinji günbatarly däl” diýdi.

FSB-niň beýannamasynda Gerşkowiçiň Amerikan hökümeti üçin içalylyk etmekde saklanandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Zaharowa: "Biz Erdoganyň beýannamalaryna üns berýäris" diýdi
Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi
Merkezi Aziýa döwletleriniň 170 müň raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýar
Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 18-nji Iýula Çenli Uzadyldy