Russiýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar

Russiýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Muşistin, ýolbaşçylar bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren maslahatynda, ýurtda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Russiýada epidemiýanyň agyrlaşýandygyna ünsi çeken Muşistin “Ýurdumyzda koronawirus ýagdaýy dartgynlaşýar. Wirusa ýoluganlaryň sany artýar. Her gün 20 müňden gowrak adam Kovid-19 sebäpli hasaba alynýar” diýdi

Ýerli häkimiýetleriň wirusa garşy degişli çäreleri görmelidigini nygtan Muşistin, koronawirusa garşy sanjymlama tapgyrynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.

Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko hem sanjymlama tapgyrynyň depgininiň gowşandygyny nygtap, “49 million rus raýaty sanjymyň birinji dozasyny etdirdi. Ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany bolsa 40 million” diýdi.

Russiýada soňky 3 aýda 56 welaýatda wirusa ýoluganlaryň sanynyň artandygy nygtalýar.

Ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykan koronawirusyň “Delta plus” görnüşi Russiýada wirusa ýoluganlaryň sanynyň artmagyna sebäp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda koronawirusdan ölýänleriň sany bir günde 70 adama ýetdi
Elleri 20 sekuntdan köp ýuwmaly däl. Näme üçin?
COVID-19 hadysalary gürelýän mahaly, mekdeplerde ýokary synp okuwçylaryň dynç alyşlary uzaldyldy
Berlinde pandemiýanyň öňüni alyş merkezi açyldy
COVID-19 çäklendirmeleri: Maryda etraplaryň arasyndaky awtobus gatnawlary ýatyryldy
SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM