Russiýadaky hüjümde 100 adamy halas eden musulman ýaş oglan sylaglandyryldy

Russiýadaky hüjümde 100 adamy halas eden musulman ýaş oglan sylaglandyryldy

Russiýanyň Çaga hukuklary boýunça komissary Mariýa Lwowa Belowa geçirilen dabara bilen terrorçylykly hüjümde tomaşaçylaryň ewakuasiýasyna kömek beren 15 ýaşyndaky Yslam Halilowy "Zyýan çeken adamlara kömek etmekde wepalylyk, edermenlik we şahsy batyrgaýlyk şahadatnamasy" bilen sylaglandyryldy.

Beýleki tarapdan Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlarynyň Dini Dolandyryşynyň we Russiýanyň Muftiler Geňeşiniň başlygy Rawil Gaýnutdin hem gahryman ýaş oglan Yslam Halilowy edermenligi we adamlary halas etmegi sebäpli Russiýadaky musulmanlaryň "Hyzmat medaly" bilen sylaglandyryljakdygyny habar berdi.

Medalyň 29-njy martda anna güni juma namazynda, Moskwanyň merkezi metjidinde beriljekdigi habar berildi.

"Krokus Siti Holl" atly konsert zalynda garderob bölüminde ýarym gün işleýän musulman ýaş oglan Yslam Halilow, terrorçylar 22-nji mart güni agşam konsert zalyna ýaragly hüjüm guran mahaly 100-den gowrak adamy ewakuasiýa koridoryna ugrukdyryp, gözegçiligi öz eline alypdy, adamlaryň binadan çykmaklaryny we howpsuz ýere ýetmeklerini üpjün edipdi.

Yslam Halilowyň ewakuasiýa amala aşyrýan mahaly öýjükli telefony bilen bellige alan wideolary sosial mediada paýlaşylypdy.

Ewakuasiýa kömek beren 14 ýaşyndaky Artýom Donskow hem şol sylaga laýyk görülipdi.

Russiýanyň Derňew komitedi hüjümde 139 adamyň ýogalandygyny, 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde jemi 11 adamyň tussag edilendigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Öý dogrusynda
Türk mediasyna syn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi
Altyn asyryň AFK-nyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy Özbegistanyň Superligasynda birinji orna çykdy
Talyban: ABŞ bilen gol çekilen şertnama ygrarlydyrys