Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy

Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. Ikinji orunda serbiýaly Nowak Jokowiç ýerleşdi. Ilkinji üçlügi germaniýaly Aleksandr Zwerew jemledi. Dördünji orunda ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal, bäşinji orunda gresiýaly türgen Stefanos Sisipas ýerleşdi.

Jokowiç iň gowy tennisçi adyny soňky gezek 2020-nji ýylyň fewral aýynda ýitirdi.Medwedew taryhda Ýewgeniý Kafelnikow bilen Marat Safinden soň ATP reýtinginiň birinji ornuny eýelän üçünji russiýaly oýunçy boldy.

Belläp geçsek, Kafelnikow 1999-njy ýylyň 3-nji maýynda dünýäniň ilkinji raketkasy boldy we alty hepde birinji orny saklady.Marat Safin bu reýtingde birnäçe gezek lider boldy, ol jemi dokuz hepde birinji orunda saklandy, yzygider birinji orunda bolsa dört hepde boldy.

ATP-niň 28-nji fewraldaky reýtingi:

Ýene degişli makalalar

Rublýow ATP-niň ýaryşlaryndaky baýraklarynyň sany boýunça russiýaly tennisçileriň arasynda ilkinji bäşlige girdi
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Daniil Medwedew Nowak Jokowiçi ýeňip, US Open-iň ýeňijisi boldy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi