Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurdunyň Ukraina garşy guraýan harby hüjümleri barada “Russiýany goramak üçin başga çykalgamyz ýokdy” diýdi.
Putin ýurtdaky uly firmalaryň we edaradyr kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda, Russiýanyň global ykdysadyýetiň bir bölegi bolmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Putin, “İçinde ýer alýan ulgamymyza zeper ýetirmek islemeýäris. Halkara hyzmatdaşlarymyz muňa üns bermeli we bizi bu ulgamdan çetleşdirmeli däl” diýdi.
Ýagdagyň üýtgemegi üçin tagalla edendiklerini emma eden tagallalarynyň hiç hili netije bermändigini aýdan Putin “Russiýany goramak üçin başga çykalgamyz ýokdy” diýdi.
“Howpsyzlyk kepillikleri meselesinde hiç hili öňe gidişlik edilmedi” diýen Putin, täze sanksiýalara garşy degişli çäreleriň görlendigini belledi.
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin şu gün ir ertir, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby hüjüm başladandyklaryny habar beripdi.