Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi

Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi

Russiýa Federasiýasynyň Baş prokurory Igor Krasnow Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Ol düýn Aşgabatdaky Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna baryp gördi, şeýle-de türkmen tarapy bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada MIR24 habar berýär.

I.Krasanow ýadygärlikler toplumynyň çägindäki Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan Ruhy tagzym, Watanyň azatlygy, halkyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan Baky şöhrat we Milletiň ogullary ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.

Soňra saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy.Ony Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, sebit we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Baş prokurory Serdar Mälikgulyýew bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Hazar deňzini goramak, iki ýurduň hem hukuk goraýjy edaralarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi
Türkmenistan ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Goranmak ministri ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri bilen duşuşdy