Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi

Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi

Beýannamada: “Dagystandaky Sergokalinskiý etrabynyň ýolbaşçysy Magomed Omarowyň ogly Osman Omarowyň hüjümleri guramak üçin topar döredendigi we topara goşulanlardan özüne boýun egmegini isländigi” aýdylýar.

Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynyň Mahaçgala we Derbent şäherlerinde 23-nji iýunda ýaragly hüjümler guralypdy.

Bir polis gözegçilik nokadyna, sinagoga we iki buthana guralan hüjümlerde 16 sanysy polis gullukçysy we 5 raýat jemi 21 adam ýogalypdy, 5 hüjümçi öldürilipdi.

Rus metbugatynda çykan habarlarda hüjümçilerden iki adamyň Dagystanyň Sergokalinskiý etrabynyň ýolbaşçysy Magomed Omarowyň ogullarydygy we öldürilendikleri öňe sürülipdi.

Hüjümden soň saklanan Omarowyň wezipesinden çetleşdirilendigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Aziýanyň çagalary sport oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy, Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy
Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy