Russiýanyň Döwlet film gaznasy 40 filmi, şol sanda Çapaýewi sanlylaşdyrýar

Russiýanyň Döwlet film gaznasy 40 filmi, şol sanda Çapaýewi sanlylaşdyrýar

Şu ýylda Russiýanyň Döwletfilmgaznasy 40 sany filmi, şol sanda Fýodor Şalýapiniň we Sergeý Eýzenşteýniň ýubileý toýy bilen baglylykda, meşhur Çapaýew hem-de Razwedkaçynyň gahrymançylygy atly nusgawy filmleri sanlylaşdyrar.

Bu barada ýurduň medeniýet ministri Olga Lýubimowa habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, bu filmleri sanlylaşdyrmak baradaky karara hünärmenleriň geňeşinde gelindi. Hünärmenler Fýodor Şalýapiniň doglan gününiň 150 ýyllygyna, Wera Holodnoýyň 130 ýyllygyna we Sergeý Eýzenşteýniň 125 ýyllygyna gabatlap, filmleri sanlylaşdyrmak bilen meşgullanarlar.

Olaryň arasynda ady agzalan filmlerden başga-da Salam we hoş gal filmi, şeýle hem Ýaş gwardiýa filminiň ikinji bölümi bar.

Lýubimowa Döwletfilmgaznasynyň baş maksadynyň milli kino senagatyň eserlerini aýawly saklamakdan ybaratdygyny nygtady.

Öň tanymal rus kinorežissýory Leonid Gaýdaýyň ähli filminiň Mosfilm kinostudiýasynda sanly ölçege geçirilendigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Daşary ýurt metbugatyna syn
Russiýada demir ýol köprüsinde partlama boldy
Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy
MRG-nyň daşary ýurtlardaky onlarça maglumatçysynyň ele salynandygy mälim boldy
Siirt welaýatynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi