Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa zomamagy

Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa zomamagy

Russiýa Ýewropanyň tebigy gaz bazaryndaky ýerini ýitirýär we prezident Wladimir Putiniň ýakynda eden teklibi Russiýanyň Ýewropadaky gaz satuwynyň azalmagy sebäpli käbir ýitgileriniň öwezini dolmak üçin günorta, Merkezi Aziýa seredýändigini görkezýär.

Gazagystan we Özbegistan häzirki wagtda energiýa krizisini başdan geçirýär. Munuň sebäpleri iki ýurtdaky hökümetleriň özleriniň energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we içerki gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin ýeterlik maýa goýmazlygy bilen baglanyşykly.

Iki ýurt häzirki wagtda goşmaça tebigy gaz alyp biler. Şeýle-de, bu territoriýada has köp gaza zerurlyk duýýan başga-da döwletler bar. Ýöne rus gazyny olara getirmek Merkezi Aziýadaky gaz geçirijileri ulanmagy talap eder.

Gaz bileleşigi

28-nji noýabrda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa resmi sapary amala aşyrdy.

Russiýanyň prezidenti Tokaýew bilen bolan duşuşygynda Russiýa, Gazagystan we Özbegistan üçin üç taraplaýyn gaz bileleşigini döretmek barada gyzykly teklip etdi.

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Ruslan Želdibaý teklip edilýän bileleşigiň maksadynyň "Russiýanyň gazynyň Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden daşalan döwründäki hereketleri utgaşdyrmak" bilen bagly boljakdygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow teklip edilýän gaz bileleşigine başgaça düşündiriş berdi.

Peskow demirgazyk Gazagystanyň Sibirden getirilýän tebigy gaza bolan zerurlygynyň dowam edýändigini belläp, Gazagystanyň öz raýatlaryny gaz bilen üpjün etmek üçin öz gazyny ulanyp biljekdigini we munuň üçin onuň içerki gaz geçiriji ulgamyny ösdürmek ugrunda işleýändigini nygtady.

Şeýle-de, ol Gazagystanyň hökümetiniň Russiýany Gazagystana birikdirýän, bar bolan gaz geçirijiler arkaly rus gazynyň importyny köpeltmek arkaly pul tygşytlap biljekdigini aýtdy.

"Mümkinçilikler şular" diýip, Peskow "Russiýadan gaz alyň we Gazagystanyň demirgazygyndaky zerurlyklary kanagatlandyryň ýa-da täze gaz geçiriji ulgamy gurmak üçin onlarça milliard dollar sarp ediň" diýdi.

Putin 30-njy noýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe jaň etdi we gaz hyzmatdaşlygy olaryň gepleşikleriniň bir bölegi boldy.

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Russiýa-Özbek işewürlik forumyna gatnaşmak üçin ertesi gün Özbegistana geldi. Gaz bileleşigi baradaky tema bu ýerde-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rus-Özbek gepleşikleriniň mazmuny barada kän bir maglumat ýaýradylmady, ýöne Russiýa Özbegistana özüniň Gazagystana eden teklibine meňzeş şertnamany teklip edene meňzeýär.

Özbegistan hem ýurdy gazlaşdyrmak prosesinde bolup, has köp gaza mätäçlik duýýar. Ol munuň belli bir bölegini eýýäm Türkmenistandan satyn alan gazynyň hasabyna dolmaga çalyşýar, ýöne bu ýeterlik bolmaýar.

Häzirki wagtda gaza mätäçlik çekýändiklerine garamazdan, Gazagystanyň ýa-da Özbegistanyň gaz üpjünçiligi boýunça islendik uzak möhletleýin ylalaşyga razy bolmazlygy ähtimal.

Gazagystanyň we Özbegistanyň ikisinde-de ýeterlik gaz ätiýaçlygy bar we olar ýakyn wagta çenli gaz eksportýorlarydy. Olaryň ikisi-de öz gaz önümçiligini içerki sarp edijilere gönükdirip, häzirki wagtda ýurtlaryny gazlaşdyrmak prosesinde bolup durýarlar.

Şeýle-de, iki ýurduň hökümetleri-de ÝB-niň rus gazyna aşa garaşly bolandygyny we bileleşigiň häzirki wagtda özüni Russiýanyň gazyndan üzňeleşdirmäge we täze üpjün edijileri tapmaga synanyşmagynyň nähili netijeleriniň bolandygyny hökman görýärler.

Russiýa gaz eksportyny ÝB-ä garşy ýarag hökmünde ulandy we gazak hem-de özbek hökümetleriniň şol bir duzaga düşmekden gorkjakdygy şübhesizdir.

Özbegistanyň energetika ministri Jorabek Mirzamahmudow Özbegistanyň Gazagystanyň üstünden geçýän gaz geçirijiler arkaly rus gazyny almak barada gepleşikleriň bardygyny eýýäm tassyklady. Ýöne ol Özbegistanyň gaz bileleşigine goşulmaga gyzyklanma bildirmeýändigini hem nygtady.

Mirzamahmudow Özbegistanyň "diňe täjirçilik satuw şertnamasy esasynda hyzmatdaşlyk etjekdigini" aýtdy we "Biz hiç haçan gaz üçin syýasy şertlere razy bolmarys" diýdi.

Gazagystana we Özbegistana gaz satmak Russiýa üçin käbir meseleleri çözerdi, emma bu onuň Ýewropanyň gaz bazaryndaky ýitgileriniň öwezini dolmagynyň golaýyna hem barmazdy.

Bu bolsa, Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Želdibaýyň “Russiýanyň gazyny Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden daşamak” baradaky teswirini has gyzykly edýär.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak 29-njy noýabrda teklip edilýän gaz bileleşigi barada durup geçdi we onuň “beýleki eksport nokatlaryna” gönükdirilendigini aýtdy. Bu Russiýanyň Merkezi Aziýanyň gaz geçiriji ulgamy bilen gyzyklanýandygyny görkezýär.

Hytaý, köplenç Merkezi Aziýanyň üsti bilen iberiljek rus gazy üçin potensial alyjy hökmünde agzalýar we Türkmenistandan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasynda takmynan 10-15 milliard kub metr (kub metr) gazy akdyrmaga ätiýaçlyk kuwwaty bar.

Onuň häzirki kuwwaty 55 milliard kub metre deňdir.Gazagystanyň we Özbegistanyň her biri 10 milliard kub metr gaz goşup biler, emma häzirki ýagdaýda iki ýurt hem gazy öz raýatlary üçin tygşytlaýar.

Muňa garamazdan, Russiýa bilen Merkezi Aziýany bileleşdirýän sowet döwrüniň gaz geçirijileri Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijilerine birikmeýär. Şonuň üçin Russiýa Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýa gaz ibermek üçin gaz alyş-çalyş şertnamasyny baglaşmaly bolar.

Gaza mätäçlik çekýän ýene başga bir ýurt hem bar.

Iýul aýynda Russiýa bilen Eýran bahasy 40 milliard dollar töweregi bolan maýa goýum we taslama proýektleri barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler. Bu, Eýranyň rus gazyny import etmegini hem öz içine alýar.

Eýran çeşmelerinden alnan habarlar rus gazynyň Eýrana nädip barjakdygy barada dürli-dürli pikirleri orta atýarlar. Käbirleri onuň Azerbaýjanyň üsti bilen iberiljekdigini, beýlekileri bolsa “Eýranyň rus gazyny Türkmenistandan alyp biljekdigini” aýdýarlar.

Eýranyň Nebit, gaz we nebithimiýa önümleri eksport edijiler birleşiginiň başlygy Hamid Hosseýni, Eýranyň rus gazyny Türkmenistanyň gaz geçirijileri arkaly import edip biljekdigini, onuň käbir böleginiň Yrak, Türkiýe ýa-da Pakistan bilen alyş-çalyş şertnamalarynyň bir bölegi hasaplanjakdygyny aýtdy. Ol beýleki bir böleginiň hem, Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, gaz ýetmezçiliginiň henizem dowam edýän sebitlerinde sarp edilip bilinjekdigini belledi.

Türkmenistan 1997-nji ýyldan 2017-nji ýylyň başyna çenli Eýranyň demirgazygyna gaz iberýärdi. 2017-nji ýylyň ýanwarynda türkmen häkimiýetleri Eýrana soňky on ýyl töweregi wagtyň dowamynda akdyrylan gaz üçin Tähranyň 1,8 milliard dollar bergisiniň bardygyny aýdyp, Eýrana gaz akdyrmagyny bes etdiler.

Türkmenistany Eýrana birleşdirýän iki sany gaz geçiriji bar - Döwletabat-Sarahs-Hangiran gaz geçirijisi 2010-njy ýylda guruldy we onuň ýylda 12 milliard kub metr (bkm) gazy akdyrmaga kuwwaty bar. Kuwwatlygy ýylda 8 milliard kub metre barabar bolan Körpeje-Kordkuý gaz geçirijisiniň gurluşygy 1997-nji ýylda tamamlandy.

Sowet döwrüniň Merkezi Aziýa-Tsentr gaz geçirijisi Russiýany Gazagystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana eýýäm birleşdirýär. 2021-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýa-Tsentr gaz geçirijisi arkaly takmynan 10 milliard kub metr, Gazagystan bolsa 4,6 milliard kub metr töweregi gazy Russiýa iberdi.

Mundan öň Merkezi Aziýa-Tsentr gaz geçirijisinden gaz akymynyň tersine bolup, rus gazaynyň Gazagystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana iberip biljekdigi öňe sürlüpdi.

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji 17-nji noýabrda Türkmenistana baryp, türkmen resmileri bilen Tähranyň Aşgabada bar bolan bergisiniň soňky töleglerini we nebit-gaz çalşygy şertnamalaryny giňeltmek planlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistan we Eýran eýýäm gaz alyş-çalşygynyň bir bölegidir. Türkmenistana 1,5-2 milliard kub metr gazy Eýranyň demirgazyk-gündogaryna iberýär. Eýran özüniň demirgazyk-günbatar bölegindäki gaz geçirijiler arkaly şol möçberdäki gazy Azerbaýjana iberýär. Azerbaýjan munuň üçin Türkmenistana töleg geçirýär.

Owjiniň Türkmenistana eden sapary wagtynda Eýranyň habar beriş serişdeleriniň käbirleri, şol sanda “ParsToday” we “PRESS” teleýaýlymy “Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz geçirijileriň Eýran bilen Russiýanyň arasynda bolup biljek gaz alyş-çalyş şertnamalarynda ulanylyp bilinjekdigini” ýatlatdylar.

Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky gaz alyş-çalyş şertnamasynyň jikme-jiklikleri barada kän bir maglumat ýok. Şol sebäpli rus gazynyň Azerbaýjan ýa-da Türkmenistan arkaly Eýrana iberiljekdigi entek nämälim bolup galýar.

Rus-Eýran şertnamasy üçünji tarapyň gatnaşmagyndaky alyş-çalyş bolsa, Yrak, Pakistan we Türkiýe rus gazyny iň soňky alyjylary hökmünde aýyr-aýrylykda agzaldy.

Türkiýe üçünji tarap bolsa, onda bu gazyň, tehniki taýdan rus gazynyň Ýewropa satyljakdygy ýa-da satylmajakdygy, şeýle-de onuň ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny bozjakdygy baradaky soraglary orta atar.

Eýran, elbetde, bu rus gazynyň bir bölegini alar.Sentýabryň ahyrynda Eýranyň Nebit ministrligi öz ýurdunyň Azerbaýjanyň üsti bilen Russiýadan her gün 9 million kub metr gaz satyn aljakdygyny yglan etdi. Şeýle-de, ministrlik gaz alyş-çalyş şertnamasy boýunça hem günde 6 million kub metr gaz satyn aljakdygyny aýtdy.

Bularyň umumy möçberi ýylda 5,5 milliard kub metr gaza barabar bolýar.

Munuň öwezine we alyş-çalyş şertnamasynyň bir bölegi hökmünde Eýran suwuklandyrylan tebigy gazy özüniň Pars aýlagyndaky portlaryndan beýleki ýurtlara eksport eder.

Russiýa öz gazy üçin täze müşderileri tapmaga çalyşýar.Russiýa 2021-nji ýylda Ýewropa takmynan 150 milliard kub metr gaz iberdi. Ýöne ÝB 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli özüniň Russiýadan import edýän gazynyň möçberini 50%-den gowrak azaltdy. Şeýle-de, bileleşik şu ýylyň sentýabr aýyna çenli Russiýadan import edýän gazynyň möçberini, 2021-nji ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, takmynan üçden bir bölegine çenli azaldy.

Gazagystan we Özbegistan goşmaça gaz ulanyp bilerler we olaryň rus gazyny import etmek üçin infrastrukturasy eýýäm bar.

Ýöne goşmaça energiýa üpjünçiligi üçin Russiýa bil baglamagyň we Moskwanyň zäherli halkara hyzmatdaşy bolan döwürde Russiýa bilen has ýakynlaşmagyň "syýasy bahasy" Merkezi Aziýanyň iki döwleti üçin gaty ýokary bolup biler.

Gazagystan bilen Özbegistanyň ikisiniň hem içerki gaz isleglerini kanagatlandyrmak üçin serişdeleri bar, emma munuň üçin olar gaz ýataklaryny we içerki gaz geçiriji ulgamlaryny özleşdirmeli.

Eýranda ummasyz gaz resurslary bar, ýöne Eýranyň hökümetine garşy girizilen halkara sanksiýalar ýurduň nebit-gaz pudagyny önümçiligi ep-esli ýokarlandyrmak we içerki gazy ýurduň ähli ýerlerine getirmek üçin zerur bolan enjamlardan mahrum etdiler.

Şeýlelik-de, Eýran Russiýadan goşmaça gaz satyn alyp bilerdi.Azerbaýjan rus gazyny Eýrana getirmegiň iň aňsat ýoly bolup bilerdi.Emma Azerbaýjanyň 2020-nji ýyldan bäri Daglyk-Garabagdaky harby hereketleri we Bakuwyň Ýewropa gaz we nebit ibermegi sebäpli Russiýa-Azerbaýjan gatnaşyklary dartgynlaşýar. Şeýle-de, Azerbaýjan öz territoriýasynyň üstünden halkara sanksiýalary astyndaky bir ýurtdan halkara sanksiýalary astyndaky beýleki bir döwlete gaz geçirmäge razy bolsa, onda özüniň Ýewropa gaz we nebit akdyrýandygyny hem göz öňünde tutmaly bolar.

Bu, Türkmenistany rus gazynyň Eýrana akdyrylmagy babatynda tranzit ýurt hökmünde has gowy kandidat edip biler.Türkmenistanyň Ýewropa bilen söwdasy ep-esli az we Russiýanyň Türkmenistanyň üstünde uly täsiri bar.

Russiýa türkmen gazyna mätäç däl we ony diňe türkmen hökümetiniň peýdasyna satyn alýar.Kreml türkmen hökümetine başga höweslendirmeleri, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň raýatlarynyň köpüsini garyplaşdyran Berdimuhamedow maşgalasynyň režimini gorap saklamaga goldaw bermegi hem hödürläp biler.

*Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Eýranyň Prezidenti 7-nji dekabrda Russiýa barar
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
Gümrük Geçelgesini Ýapmak Milli Bähbitlerine Gabat Gelmez
Peskow Gazadaky Çaknyşyklara Ynsanpwer Arakesme Berilmelidigini Aýtdy