Russiýanyň sirk artistleriniň Ýeňijilere şöhrat! atly çykyşlaryna aşgabatly tomaşaçylar ýokary baha berdiler

Russiýaly sirk artistleriniň Ýeňijilere şöhrat!“ atly çykyşlary aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň Täze ýyl baýramynyň ýatdan çykmajak täsirli, şatlyk-şagalaňly geçirmegine kömek eder. Adyndan belli bolşy ýaly, oňa gatnaşýanlaryň ählisi---halkara we russiýa bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleänlerdir..

Sirk çykyşynyň başlanşam üýtgeşikdi—ozal ol Isaak Dunaýewskiniň Ruhubelentler ýörüşi“ sazy çalnyp, parad-ale bilen başlanan bolsa, bu gezek ilkinji bolup, tomaşaçylara...eli bedreli we pol ýuwlanda ulanylýan taýakly tam süprüji zenan çykdy.

Bu syry aýan edeliň: ol şeýle eşik geýen Russiýanyň at gazanan artisti masgarabaz Aleksandr Ananýewdi.Masgarabazdyr onuň kömekçisi Aleksandr Brilliantow çykyşlaryň arasynda dürli degişmeleri görkezýärler.Tam süpüriji“ arenany tertibe salyp, Sirk melikesi-2016“-nyň bürünç täjiniň eýesi howa gimnasty Kristina Ardowany çagyrdy.

Amazonkalryň eşigini geýen Kristina teletin basgançaklardan, gümmeziň astyna galdy, onuň bu ýerde görkezen howply emel-tilsimlerine uludan kiçi haýran bolup seredýärdi. Ol gimnastika emelleriniň ählisini ýeňil hem nepis ýerine ýetirdi. Çykyşynyň ahyrynda Kristina aşak güwläp gaýdanda, tomaşaçylarda tolgunmadyr haýran galma ýaly dürli duýgulary oýardy.

Alyp baryjy indiki çykyşy: Kiçijik syçanjyklar“ diýip yglan etse-de, arena iki sany äpet laýka tohumly it atylyp çykdy.Gražina Zabukaýteniň Tilsim öwredilen güjükler“ atly çykyşyna laýkalardan başga-da, taksa we basset haund tohumy itleriň hem 9-sy gatnaşýar.

Taksalar syçanjyklar“ boldy, çünki olar laýkalardyr basset-haundlar bilen deňeşdireniňde kiçijik görünýär.Olar Gražinanyň buýruklaryny yhlasly ýerine ýetirýärdiler.Salpygulak basset-haundlara, soň bize aýdyşlaryna görä, asla tilsim öwretmek gaty kyn düşýän eken.

Olar tumbanyň üstünde gombamsyran bolşup otyrdylar, elbetde, berilmeli sylag tagamlaryny alansoň, öz işini alňasaman ýerine ýetirýärdiler.Olaryň çykyşy şadyýan we gyzykly geçdi.

Moskwanyň I sirk çempionatynda baýrakly orny eýelän welofiguraçy Aleksandr Witkowskiý welosped sürmekde aýratyn ussatlygyny görkezdi.Ol elini degirmän, ruluň üstünde, öňki ýa-da yzky tigirde öňlün-yzlyn hereket edýärdi.

Aleksandr biziň bilen söhbetdeşlikde özüniň welofiguraçylar maşgalasynda önüp-ösendigini, bir wagtlar sirkde ata-enesi bilen Aşgabatda çykyş edendiklerini belledi.Onuň ussatlygynyň syry-günde 8-10 sagatlap türgenleşýänliginde eken. Çykyşynyň ahyrynda oňa 40 santimet kinniwanja welosiped berdiler welin, Aleksandr Witkowskiý manežde ony hem sürüp görkezdi.

Howa gimnastçysy Kristina Çužaýanyň tanapdaky Wampirler tangosy“ çykyşy (kord-de-parel) başlamazdan öň joşgunly tans edýär. Kristina howply tilsmleriň ençemesini görkezdi. Olardan has gyzyklysy boýny halkaly pyrlanmagydy. Bize mälim bolşy ýaly, ol diňe geçen ýyl bu tilsimi özleşdiripdir. Oňa haýran galan tomaşaçylar gaýdusyz zenany şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.

Ýeňijilere şöhrat!“ çykyşlarynyň naýbaşysy Marina Rudenkonyň Üýtgeşik jandarlar“ atly çykyşydy. Manež Gadymy Müsür zamansynyňky ýaly bezelipdir, onda horja zenan wagşy gaplaňlara diýenini etdirýär, krokodileri sypalaýar. Hamala, ol gorky-ürki diýlen zady bilmeýän ýaly, wagşy haýwanlaryň dilini tapýar. 60 kilogramlyk äpet ýylan onuň daşyna oralýar.

Olary eldekileşdirip, tilsim öwreden zenanyň gaýduwsyzlygy haýran edýär. Marina Rudenko biz bilen söhbetdeşlikde ozal howa gimnastikasynda çykyş edendigini, munuň özünde erkini güýçlendirip, maksada ýetmek üçin erjelligi öwredenligni aýtdy. Soňra haýwanlara, özem üýtgeşik haýwanlara tilsim öwretmegi ýüregine düwýär.

Ýene-de howa gimnastlary çykyş edýär. Bu gezek 2005-nji ýylda Tagzym dagynda geçirilen Moskwa sirk gözden geçirilişiniň baýragynyň eýeleri är-aýal Aleksandr we Natalýa Gerasimenkolar çykyş etdiler. Tomaşaçylar olaryň howada ýerin ýetirýän flýag we salto tilsimlerine haýran bolup syn edýärdiler. Çykyş çeperligi we üýtgeşik tilsimleri bilen özüne çekýär.

Manež bezegçileri arena çopantelpekleri goýuşdyryp çykdylar welin Moldawiýadan haýwanlara tilsim öwrediji Galina Taşkoglonuň çykyşy üçin çemenzarlyk peýda boldy. Alyp baryjy Möjek we ýedi“ owlak diýende, tomaşaçylar geçiler-ä hakykydyr welin, möjek nähilikä?-diýip pikir etdiler. Arena,dogrudanam, möjek çykdy.

--Men bu çykyşy goýmagy köpden bäri niýet edinip ýördüm, ençeme wagt bärem gurt çagsyny gözleýärdim. Men haýwanat bagynda möjek güjügini alyp, ony goý, öwrenişsinler diýip, bilgeşleýin owlaklar bilen bir ýerde sakladym. Islänimem boldy- diýip, Galina gürrüň berýär.

Agyr daşlar bilen işleýän žonglýor Sergeý Çužoýyň çykyşy has-da özüne çekiji boldy, ýoldaşlary oňa Sygan barony diýýärler.Sygan sazlaryna tans edip, Sergeý, hamala, olaryň agramy ýok ýaly, agyr daşlardyr demir şarlar bilen dürli tilsimleri görkezýär.

Galagoply deprek tagyrdysy çalnyp durka ol alty kilogramlyk daşy ýokary zyňyp, ony kebzesi bilen gapýar.Bu howply tilsime haýran galan tomaşaçylar oňa şowhunly el çarpmlar bilen minnetdarlyk bildirdi.

Monte-Karloda geçirilen sirk gözden geçirilişinde baýrakly orny eýelän Russiýanyň at gazanan artisti Igor Maýorowyň ýolbaşçylygyndaky Rusiçi“ akrobatika topary çykyşlary jemledi. Onda çaryk, çoýun pej, tesbi ýaly milli nyşanly, wäşiler batutda böküşip, dürli çylşyrymly oýunlary görkezdiler.

Akrobatik çykyşlaryň şadyýan ruhuna düşen tomaşaçylar el çarpyşyp, olaryň Berekellasyny" ýetirdiler. Toparyň artistleriniň ählisi arena çykanda bu ýere gelenler şowhunly el çarpmalar bilen olara minnetdarlygyny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Çagalar teatr studiýasy Redýard Kiplingiň ertekisini özboluşly sahnalaşdyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy