Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Harkow sebitiniň Harby edarasynyň başlygy Oleg Sinegubow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, düýn gije rus goşunynyň Harkow sebitindäki "Nowaýa Poçta" terminalyna raketa bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümiň netijesinde 6 adamyň ýogalandygyny, 14 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Sinegubow ýaralanan adamlaryň arasynda ýagdaýy agyr bolan adamlara gerek bolan lukmançylyk kömekleriniň berilendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, poçta terminalynyň adaty raýat desgasydygyny, Russiýa garşy basyşyň artdyrylmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi