Russiýanyň ýaşamak üçin iň amatly şäherleri belli boldy

Russiýanyň ýaşamak üçin iň amatly şäherleri belli boldy

Moskwa, Sankt-Peterburg we Kazan 2022-nji ýylda şäher gurşawynyň hili babatda million ilatly şäherleriň sanawynyň başyny çekdiler. Bu barada Russiýanyň Gurluşyk ministrliginiň ýolbaşçysy Alekseý Ýeresko habarçylara beren interwýusynda aýtdy diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Gurluşyk ministrligi şäher gurşawynyň hilini 36 sany görkeziji boýunça kesgitleýär: abadançylyk, jemgyýetçilik ulagynyň ýagdaýy, ýollaryň howpsuzlygy, jemgyýetçilik giňişlikleriniň hili we beýlekiler.

Geçen ýylyň jemleri boýunça ýurduň paýtagty 299, Sankt-Peterburg — 264, Kazan — 216, Aşaky Nowgorod — 214 we Don boýundaky Rostow şäheri — 212 bal toplady.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly kosmonawt Halkara kosmos bekedinde nämäni küýseýändigini gürrüň berdi
BRIKS Afrika we Aziýa ýurtlarynyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýelemäge ymtylyşyny goldaýar
Şols Germaniýanyň Kansleri wezipesine gaýtadan saýlanmak pikiri barada habar berdi
Eýrandaky saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda bolar
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň täze hökümet başlygy boldy
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
Hindistanda bir günde 38 adam ýyldyrym urmagyndan heläk boldy