Rybakina möwsümi jemledi

Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky ýylyň jemleýji ýaryşy “WTA Finals” tamamlandy.Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen ýaryşyň finalynda gazagystanly Ýelena Rybakina bilen belarusly Aryna Sabalenka duşuşdy. 26 ýaşyndaky Rybakina güýçli garşydaşyny, sanawyň 1-nji belgili tennisçisi Sabalenkany 2 setde 6:3 we 7:6 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu onuň “WTA Finals”-daky ilkinji, umumylykda bolsa 11-nji çempionlygydyr.Umumy baýrak gaznasy 15,5 million amerikan dollaryna deň bolan ýaryşda Rybakina ýeňlişsiz çempionlyk gazanany üçin 5 million 325 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň eýesi boldy.

Sabalenka bolsa 2022-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda ýeňildi. Jübütleriň arasyndaky bäsleşikde russiýaly Weronika Kudermetowa bilen belgiýaly Eliz Mertens çempionlyk gazanyp, olar finalda wengriýaly Timea Baboş bilen braziliýaly Luisa Stefaniden üstün çykdy.

Sanawyň öňdäki 8 tennisçisiniň gatnaşýan WTA Finals ýaryşyna Rybakina 1 aý öň gatnaşmak hukugyna eýe däldi. Ýöne Hytaýyň Ningbo şäherinde gazanylan çempionlyk hem-de 2 ýaryşda ýarym finala çykmagy oňa “WTA Finals”-a gatnaşmagyň gapysyny açdy.

1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşda amerikaly Martina Nawratikowa 8, germaniýaky Şteffi Graf bilen amerikaly Serena Williams 5, amerikaly Kris Ewert 4 gezek çempionlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Tutuş ýyly birinjilikde tamamlan 7-nji tennisçi bolar
Şarapowadan soň Gauff
Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi
Swýontek ahyrsoňy saklandy
Zeýnep Sönmez Ikinji Orny Eýeledi
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary