RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler

RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler

RŽD Logistika (RF), KTZ Express (Gazagystan) we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi halkara we üstaşyr ýük gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler diýip, rus demirýol logistika kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Demirgazyk-Günorta halkara ýolunda bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmek barada ylalaşdylar.

Resminamada hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda üçtaraplaýyn we tranzit gatnawlarynda harytlary yzygiderli daşamagy guramak, harytlaryň halkara import we eksport daşalyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň potensialyny durmuşa geçirmek we ulag-logistika infrastrukturasyny bilelikde ulanmak göz öňünde tutulan.

Mundan başga-da, gol çekilen resminama Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda täze yzygiderli otlulary işe girizmek, şol sanda oba hojalyk önümleri we azyk önümleri üçin gysga möhletli üpjün edýän konteýner hyzmatlaryny, şeýle hem tehnologik täzelikleri we bilelikdäki çözgütleri girizmek arkaly demirýol ugurlarynyň ösdürilmegini kepillendirýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, oktýabr aýynda RŽD Logistika Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk-Günorta gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Eýrana doly düzümli konteýner otlularyny gatnadyp başlady. Otly bu täze ugur boýunça aýda bir gezek hereket eder.

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Logistika ulgamy ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi