S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi

S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi

5-nji iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň jemi boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Goranmak ministr Begenç Gündogdyýew “Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerini 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamany tassyklamak” baradaky karary, şeýlede ÝG-niň gurluşlaryna ýolbaşçylary bellemek we işden boşatmak barada karary,2022-nji ýylda harby hem hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we orta okuw jaýlaryna kabul etmegiň meýilnamasy boýunça görkezmäni tassyklamagy hödürledi.

Prezident okuw jaýlaryna mynasyp ýaşlary kabul etmegi, ýörite hünärler boýunça okuw jaýlarynda okatmagyň derejesini ösdürmegi, harby hem hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýänlere kanun bozmalar barada duýdurmagy tabşyrdy.

Soňra kiçi Berdimuhamedow “özüne ynanylan wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmändigi, işde goýberen kemçilikleri üçin” Gündogdyýewe kaýinç yglan etdi.

Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Begmyrat Begmyradow “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamany tassyklamak barada” karary hödürledi.

Prezident onuň hasabatyny diňländen soň Begmyradowy wezipesinden boşadyp, “Milli Geňeşiň Halk Maslahaty bilen ylalaşygy esasynda” ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyýewi Baş prokuror belledi we Aşgabadyň prokurorlygyndan boşatdy.

IIM Muhammet Hydyrow jemgyýetçilik tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň, çagalaryň saglyk merkezlerinde zerur tertibiň berjaý edilişi barada hasabat berdi, şeýlede geljekgi döwür üçin içeri işler edaralaryny ösdürmek barada Maksatnamany tassyklamak barada karary hödürledi.

Kiçi Berdimuhamedow ÝHD-niň profilaktikasy boýunça çäreler görmegi, “Awaza” MSZ-de tertip-düzgüne gözegçiligi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegi we ýangyna garşy düzgünleri berjaý etmegi buýurdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanepesow “Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň ulgamyny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamany tassyklamak” barada karary hödürledi.

Milli Howpsuzlyk ministr Gurbanmyrat Annaýew “Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralaryny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamany tassyklamak” barada karary hödürledi.

Prezident işlere döwrebap tehnikany ornaşdyrmagy buýurdy, soňra bolsa, “özüne ynanylan wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmändigi,işde goýberen kemçilikleri üçin” Annaýewe kaýinç yglan etdi.

Mundan soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýew, Adalat ministr Merettagan Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýew,Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew dagy öz edalaryny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamany tassyklamak”barada karary hödürlediler we öz edarasyny ösdürmek boýunça resminamanyň taslamasyny hödürlediler.

Mejlisiň jemi boýunça kiçi Berdimuhamedow ýurdyň harby we hukuk edaralaryny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Maksatnamalary makullady.The post S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Saz eýlese dutar-gyjak
Prezident howpsuzlygy maslahat etdi, iki howpsuzlyk resmisine käýinç berdi
Resmi habarlar