S7 Airlines ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlary ýerine ýetirýär

S7 Airlines ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlary ýerine ýetirýär

Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine gatnawlary ýerine ýetirýär diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi habar berýär.

2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Moskwadan S7 Airlines-iň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gonar.

S7 Airlines-iň Russiýadan Türkmenistana häzirki uçuş tertibi:

Duşenbe güni:

Penşenbe güni:

S7 Airlines-iň pandemiýa sebäpli iki ýyl töweregi arakesmeden soň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny täzeden başlandygyny ýatladýarys.

Awiakompaniýanyň web sahypasynda Moskwadan (Domodedowo) Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine uçuş üçin petekler bar.Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn görnüşinde petekleri Aşgabatdaky S7 Airlines-iň ofisinden alyp bilersiňiz: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý (birinji gat).

Ofis duşenbe — anna günleri sagat 09:00-dan 18:00-a çenli (13:00-dan 14:00-a çenli arakesme) açykdyr.Telefon belgileri: +99312210592; +99312210593.

Uçuş meýilnamasyny Domodedowo howa menziliniň resmi web sahypasyndaky Möwsümleýin meýilnama bölüminde barlap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi