Saddam Hüseýiniň Ýahtasy Ylmy Barlag Merkezine Öwrüldi

Saddam Hüseýiniň Ýahtasy Ylmy Barlag Merkezine Öwrüldi

Yragyň agdarlan lideri Saddam Hüseýin üçin Daniýada ýörite taýarlanan ýahta Basra şäherinde deňiz ylymlary ylmy barlag merkezi hökmünde ulanylýar.

Saddamyň ady bilen tanalýandygyna garamazdan aslynda agdarlan lider ýahta ädimini hem ätmedi.

Ýahtanyň gurluşygyna Daniýada 1980-njy ýylda başlanýar we bir ýyl soň tamamlanýar.

Ýörite taýarlanan ýahta 8 ýyl dowam eden Yrak-Eýran söweşi we soň başlan aýlag söweşi sebäpli Yraga ugradylyp bilinmedi.

Ýahta soň, Saddam Hüseýin tarapyndan Saud Arabystanynyň Şasy şol döwürdäki Şasy Fahd bin Abdulaziz Al Suuda sowgat edilýär.

4 gatly ýahtanyň18 otagy bar.

82 metr uzynlygyndaky ýahtada dellekha hem bar.

Saddamyň ýahtagty 2010-njy ýylda Yragyň Basra şäherine getirilýär.

Ýahta şu günki günde Basra uniwersitetiniň Deňiz ylymlary fakultetiniň ylmy barlag merkezi hökmünde ulanylýar.

Ýahta ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň ýatdan çykmajak gahrymanlaryndan biri bolan Yrak türkmenlerinden Neždet Koçak
Ispaniýa ABŞ-na boýun egmejekdigini beýan etdi
Yslam ýnkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň şehit Fahmidäniň maşgalasyna iberen sargydy
Hatibzadeh: Daşary ýurt liderleri terror etmek gorkak ABŞ-Ysraýyllyň söwda belligisidir