Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň öňki Prezidentleri bilen duşuşdy

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň öňki Prezidentleri bilen duşuşdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurduň öňki Prezidentleriniň ählisi bilen duşuşyk geçirdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi habar berdi. Duşuşyga öňki Prezidentler Askar Akaýew, Kurmanbek Bakiýew, Roza Otunbaýewa, Almazbek Atambaýew we Sooronbaý Žeenbekow gatnaşdylar.

Sadyr Žaparow özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda şeýle duşuşygyň möhümdigini belläp: Meniň maksadym — öňki Prezidentleriň tarapdarlaryny birleşdirmek, halky we ýurduň ykdysadyýetini agzybirlkde ösdürmek diýip, ýazdy. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Jemgyýetdäki umytsyzlyk duýgularyň fonunda özlerine öňünden mazar taýýarlaýan adam köpelýär