SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eseri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitaplary bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülip, diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISLERINE GATNAŞDY
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady
Ruhy tämizligiň we kämilligiň baýramy