Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy

Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 3-nji saglyk öýünde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy ady bilen duşuşyk geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigi barada, şeýle-de jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, özünde jemleýän eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilýändigi, adamzadyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň zerurdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ensiklopedik kitabyndan adam saglygyna peýdaly dermanlyk ösümlikleriniň ulanylyşy we onuň taýýarlanyş aýratynlyklary barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Baýdagym baş Kanunym
Goşa mukaddesligiň baýramy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Baş Kanunymyz Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir
Mähribanlyk, parahatlyk Tugy sen!