
Mary welaýatynda oktýabr aýynda ýokanç keselli näsaglara niýetlenip gurlan täze hassahananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegine taýynlyk görülýär diýip, sebitiň saglyk ulgamyndaky çeşmeler habar berýär.
Täze açyljak hassahananyň garaşylan wagtynda ulanylmaga berilmegi diňe ony bina eden gurluşykçylaryň işi däl, eýsem, saglyk işgärleriniň hem işine öwrüldi diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
“Mary şäherindäki hassahanalaryň şepagat uýalaryny täze açyljak hassahananyň arassaçylyk işlerine alyp gidýärler. Gijeki smenada işleýän şepagat uýalaryny we gündizki smenada işleýän şepagat uýalaryny gezekleşdirip, ir sagat 8:00-dan öýlän sagat 18:00-a çenli özlerine degişli bolmadyk işlerde ulanýarlar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen lukman aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şepagat uýalary täze binanyň gurluşyk hapalaryny aýryp, soňky arassaçylyk işlerini edýärler, täze hassahanany ýuwup-artýarlar.
Mundan başga, çeşme täze hassahananyň ulanmaga berilmegine şäher hassahanalarynyň lukmanlarynyň hem gatnaşdyrylýandygyny, olaryň hersinden gününe 40 manatdan pul ýygnalýandygyny habar berdi.
Saglyk işgärlerine bikanun 'salgyt' salynýarSaglyk edaralarynyň ýolbaşçylary ol pullaryň täze hassahananyň daşyny arassalamak üçin hakyna tutulýan işçilere tölenjekdigini aýdypdyrlar.
Şol bir wagtda, täze hassahananyň haçan açyljakdygy, şepagat uýalarynyň we lukmanlaryň bu hili artykmaç aladadan haçan dynjakdyklary belli däl.
“Hassahananyň haçana çenli taýýar bolmalydygy anyk aýdylmaýar. Diňe oktýabr aýynda açyljakdygy aýdyldy. Biz ol açylýança gündelik pul tölemeli bolarys” diýip, bir lukman aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe lukmanyň tassyklamagyna görä, häzirki görgülerinden başga, täze hassahananyň açylyş dabarasy üçin diýip, şäher hassahanalarynyň ähli işgärinden aýratyn pul ýygnaýarlar, şepagat uýalary 50 manatdan, lukmanlar bolsa 100-200 manatdan pul bermeli edildi.
Söhbetdeşlerimiz hiç bir saglyk işgäriniň bu pullary göwünjeň, razy bolup bermeýändigini, diňe işini ýitirmezlik üçin, gorkusyndan berýändigini aýtdylar.
Açylyş güni üçin diýip ýygnalýan pullar, bu hili çäreleriň gurnalyşyna belet bolan bir resminiň tassyklamagyna görä, dabarada ulanyljak bezeglere, hassahananyň diwarlaryndan asylmaly plakatlara, çagyrylan hormatly myhmanlara sowgat almaga harçlanar.
Saglyk işgärleriniň arasynda pul ýygnalmagyndan nägile bolýanlar hem bar, olary, aýdylmagyna görä, näsaglaryň size el aklygy diýip berýän pullaryna göz ýumarys, siz hem bu puly diňe aýlygyňyzdan bereňzok” diýip, iki sözde utandyrýarlar.
Ýurtdaky 'saglyk hyzmaty' öwülýär we döwülýärÝurduň saglyk pudagyndaky meseleleriň diňe birinden däl, birnäçesinden habar berýän maglumat prezident Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagynyň yz ýanyna, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň 10-njy oktýabrda bellenýän gününiň öň ýanyna gabat geldi.
Türkmen parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň 8-nji oktýabrda, sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde aýtmagyna görä, ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň başlangyçlary we tagallalary bilen, ýurtda onlarça döwrebap saglyk desgasy guruldy, ilatyň jan saglygyny goramak, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Emma hökümet tankytçylary, Azatlygyň çeşmeleri we ýaşaýjylar soňky onýyllyklarda ilatyň aglaba köplüginiň garyp düşendigini, dürli kesellerden ejir çekýän we zerur saglyk kömegini alyp bilmeýän uly adamlaryň, çagalaryň köpelýändigini, häkimiýetleriň ýalan propaganda duwlanyp, ýurtda dörän agyr saglyk ýagdaýyny ýaşyrmaga çalyşýandygyny öňe sürýärler.
Türkmenistanyň garaşsyz žurnalistler, hukuk goraýjylar üçin ýapyk bolmagy sebäpli, resmiler, lukmanlar, näsaglar we olaryň garyndaşlary bilen gürleşmek, düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Maglumat üçin aýdylsa, şu aralykda ýurduň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, “Türkmenistan — sagdynlygyň mekany” atly surat sergisi guraldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.