Şahruh Han kino dolanýar

Şahruh Han kino dolanýar

Hindi kinosynyň ýyldyzy Şahruh Han Juwan atly täze filmde baş keşbi janlandyrar, filmiň surata alnyşy golaý günlerde Mumbaý şäherinde başlanar. Bu barada timesofindia.indiatimes.com saýty ýazýar.

Aktýor filmde Günorta Hindistanyň kino ýyldyzy Wijaý Setupati bilen bile garşylykly keşplerde çykyş eder.

Filmiň režissýory Atli Juwanyň tomaşaçylary haýran galdyrjakdygyny wada berýär. Juwan 2023-nji ýylyň iýunynda ekranlara çykmaly, ol tamil, telugu, malaýalam we kannada dillerinde ekranlara goýberiler.

Ýeri gelende aýtsak, bu film aktýoryň 4 ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji keşbidir. Ol soňky gezek 2018-nji ýylda Nol filminde çykyş edipdi.

Munuň öňýany aktýor Madnawanyň Rocketry: The Nambi Effect atly filminde çaklaňja keşpde göründi, emma şunuň özi-de onuň muşdaklarynyň arasynda uly şowhun döretdi. Internet torlarynda bu barada aktýoryň janköýerleriniň biri: Men 42 aý 184 hepde 1288 gün 30898 sagat 1853901 minut 111234082 sekuntlyk arakesmeden soňra ŞRK-a ekranda tomaşa edýärin diýip, şatlygyny paýlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň teatrlarynda 3 5-nji noýabr aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň gallaçylary ekişe taýýar
1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
28.06.2018 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty
22.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty