'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?

'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?

Azatlyk Radiosy “Salam dogan” atly täze rubrika başlaýar.

Programma Türkmenistanda aýallaryň erkekler bilen kanundaky we durmuşdaky deňligi, öz haklary barada düşünjeleri, hukuklaryny talap etmek mümkinçiligi, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borçlary hem-de jemgyýetdäki orny ýaly meselelere gönükdirilýär.

Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk" programmasynyň we "Progress" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.

Bu ýörite gepleşigiň birinjisi gender deňligi meselesine bagyşlanýar.

Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deňligini kepil geçýän kanunlar beýleki ýurtlaryň kanunlaryndan köp tapawutlanmaýan hem bolsa, ýurtdaky durmuşyň, jemgyýetdäki ýagdaýyň öz aýratynlyklary bar.

Gepleşigiň gidişinde munuň sebäpleri, jemgyýete ýetirýän täsirleri we döredýän howplary, şeýle-de, özgerişlik üçin mümkinçilikler barada pikir alyşarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Salam Dogan!': Abort - açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
'Salam Dogan!': Prezidentiň aýallara pul sowgady däbiniň manysy we täsiri
Salam, Dogan! 'Söýgi, halaşmak' könelişen gep-gürrüňe öwrülýär
Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi
Salam, dogan! Hünärmen Aşgabadyň ret etmelerini ret edýär