Salam, mekdebim!

Gijesine gowy dem-dynç almak üçin ir ýatmagy endik etmeli.Irden turup ýuwnup, ertirlik edinip mekdebe gitmeli.Eger aç ýa-da ukusyz bolsak, bu ýagdaý sapaklardaky başarnyga gönüden-göni täsir edýär. Şol sebäpli okuwdan boş wagtyň oýnamak, öý ýumuşlaryny ýerine ýetirmek, sapaklarymyza taýýarlanmak üçin gündelik meýilnama taýýarlamaly.

Bu bize wagty tygşytly peýdalanmaga ýardam edýär.Mekdepde berlen öý ýumuşlaryna düşünmedik ýagdaýyňyzda ene-ataňyzdan ýa-da doganlaryňyzdan kömek soraň!Taýýar zady göçürmegi endik edinmäň.Öýe berilýän ýumuşlaryň, mysal-meseleleriň sapakda öwredilen zady has hem gowy özleşdirmäge ýardam edýändigini unutmaň.

Ol siziň sapaklara jogapkärçilikli çemeleşmek ukybyňyzy hem ösdürer.Geçilen sapaklar näçe çalt gaýtalansa, şonça gowy.Sebäbi öwrenilen zatlar wagtyň geçmegi bilen ýatdan çykyşýar. Şol sebäpli geçilen sapaklara gaýtadan göz gezdirmegi unutmaň.

Takyk ylymlara degişli derslerde ýat tutmakdan gaça duruň.Käbir ders ýat tutmak, käbiri ýazmak, käsi okamak arkaly özleşdirilýär.Her ders üçin amatly usuldan netijeli peýdalanyň!Sapaklara ünsüňizi böljek zatlar bolmadyk, asuda otagda taýýarlanyň!

Derse taýýarlanýan wagtyňyz telewizor, telefon we beýleki ünsüňi bölýän zatlardan uzak duruň!Içi kitapdyr gazet-žurnallar bilen baýlaşdyrylan belli bir otag bolsa, has gowy bolar.Sapaklara başlajak we gutarjak wagtyňyz öňünden belli bolsun.

Eger sapaga taýýarlanmak uzaga çekjek bolsa, 10 minutlyk arakesme ediň.Arakesmede biraz gezim etseňiz, has gowy bolar.Haýsydyr bir mysaly ýa-da gönükmäni çözüp bilmedik ýa-da nädogry çözen ýagdaýyňyzda gaty gynanmaň! Ýalňyşlaryňyzy gysga wagtda düzetmäge çalşyň.Okuw esbaplaryňyzy arassa saklamagy unutmaň.

Derslere taýýarlanmak üçin çyzgyç, bozguç, galam, ruçka ýaly gerekli okuw esbaplaryňyz tükel bolsun!Islendik esbap gerek mahaly tapylmasa, ünsüňiz bölüner.Mekdepde geçilen sapaga degişli goşmaça zatlary öwreniň.

Derslerde öwredilen zatlaryň durmuşda nirelerde ulanylýandygyny biljek boluň!Öz ukybyňyza görä, mekdepdäki gurnaklara, çärelere, ylym-bilim, sport we beýleki ýaryşlara köpräk gatnaşyň!Kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşykda boluň! Öz ýaşyňyza görä, gyzyklanýan ugruňyza degişli ýa-da beýleki çeper eserleri köp okaň!

Haýsy kitaplary okamalydygyny mugallymlaryňyzdan sorap bilersiňiz.Käbir ders siziň üçin nätanyş bolup biler.Düşünmedik zadyňyzy mugallymlaryňyzdan soramakdan çekinmäň.Dersler bilen baglanyşykly ýüze çykan sowallaryňyzy jogapsyz galdyrmaň!

Ýene degişli makalalar

Salam, mekdebim!
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar
Aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň uly synp okuwçylary Bakuwda geçirilen halkara olimpiadasynda şowly çykyş etdiler
Solmaz Muhammedowa: kynçylyklary ýeňip arzuwyna ýeten