Salwadorda Bitkoin siti şäheri gurlar

Salwadorda Bitkoin siti şäheri gurlar

Salwador dünýäde ilkinji bitkoin obligasiýalaryny çykarmak we wulkanyň golaýynda girdeji salgydyndan azat "Bitkoin siti" şäherini gurmak isleýär diýip, ýurduň Prezidenti Naýib Bukele mälim etdi. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, vedomosti.ru habar berdi.

Salwadoryň Prezidenti şeýle beýanaty kriptografik walýutalary wagyz etmek boýunça hepdeligiň jemleýji çäresinde berdi. Ýurduň häkimiýetleri Liquid Network torunda 1 milliard dollarlyk bitkoin obligasiýalaryny ýerleşdirmek üçin eýýäm Blockstream blokçeýn-kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Kompaniýanyň baş strategi Samson Mou "wulkan obligasiýalarynyň" serişdeleriniň ýarysynyň bitkoinler üçin, galan böleginiň bolsa mümkin boljak geotermal elektrik stansiýasyny gurmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy. "Bitkoin Siti" La Unionyň gündogar sebitinde peýda bolar.

Ýene degişli makalalar

Salwadorda 4,1 Tonna Kokain Ele Geçirildi
Gresiýanyň we Salwadoryň Ilçileri Prezident Erdogana Ynanç Hatyny Gowşurdy
Salwadoryň Prezidenti Türkiýä sapar gurar
Salwadoryň Prezidenti Türkiýe bilen bagly beýanat berdi
Salwadoryň Prezidenti Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi
“Türkiýäniň Ösüşine Goşant Goşmak Isleýäris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny