“Samsung” ilkinji 5K monitoryny tanyşdyrdy

Dürli elektron enjamlaryny öndürýän “Samsung” kompaniýasy ilkinji 5K durulygyndaky ekrany öndürdi. “ViewFinity S9” atly monitoryň kompaniýanyň “Tizen” amaly bilen üpjün edilmegi onuň artykmaçlygyny artdyrýar.Ululygy 27 dýuým bolan bu ekranyň durulygy 5120×2880 piksel bolup, ýany bilen 4K web kamerasy hem hödürlenýär.

Bu kamera emeli aň bilen işleýär. Şeýlelikde täze monitor “Samsung M” seriýasyndan soňra kompaniýanyň ikinji akylly monitory hasaplanýar.Ekrany “Tizen” platformasy arkaly telewizor hökmünde aýratynlykda ulanyp bolýar.

Dikligine we keseligine ulanyp bolýan ekran HDMI, USB Tip-C, “DisplayPort”, “Thunderbolt 4” we 96W energiýa girişleri bilen üpjün edilen. Täze monitoryň şu ýylyň başynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Gülälek Hommadowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Eplenýän telefonlaryň meşhurlygy artýar
Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Samsung we Sony ABŞ-dan Huawei ygtyýarnamasyny aldy