Sanly pul çykarylar

Ýewropanyň Merkezi bankynyň (ECB) dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Fabio Panetta sanly ýewronyň geljek 3-4 ýylda dolanyşyga goýberilip bilinjekdigini belledi.Emma zerurlyk bolan ýagdaýynda adaty banknotlaryň dolanyşykdan aýrylmajakdygyny aýtdy. Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewronyň beýleki ýurtlaryň merkezi banklarynyň sanly pullary bilen bilelikde ulanylyp bilinmegi üçin ABŞ, Angliýa, Şweýsariýa, Kanada, Ýaponiýa we Şwesiýa döwletleriniň Merkezi banklary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Bankyň wekili sanly ýewronyň ulanyjylara dolulygyna ygtybarly we töwekgelçiliksiz töleg serişdesi bolup hyzmat etjekdigini belleýärler.

Ýewropa Bileleşigi sanly ýewronyň çykaryljakdygyny 2020-nji ýylyň noýabrynda mälim edipdi.

Mundan ozal Hytaýyň Merkezi banky e-CNY atly sanly puly dolanyşyga goýberipdi. Häzirki wagtda köp ilatly iri şäherlerde ýöreýän bu töleg serişdesiniň çygry barha giňeýär. Ýurduň Gundun, Szýansu, Hebeý we Syçuan ýaly welaýatlarynda sanly puldan peýdalanylýar. Hytaýda resmi sanly pul birligini durmuşa geçirmäge 2014-nji ýylda girişilipdi. Ilkinji gezek sanly pul 2020-nji ýylda dört welaýatda ulanyşa goýberildi.

Rahymberdi GYZYLOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Dünýäniň iň uzyn kirpikli zenany öz rekordyny täzeledi
Hytaýda Nursultan Nazarbaýew adyndaky ylmy-innowasion barlaghanasy açyldy
Dünýäniň iň uzyn kirpikli aýaly öz rekordyny täzeledi
Berdimuhamedow Si Szinpine saglyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy üçin telefon arkaly minnetdarlyk bildirdi
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin prezident Berdimuhamedowa telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşmagy teklip etdi