Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Düýn 22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär.Ony bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar.Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär.Welaýatlaryň çägindäki biokärhanalarda öndürilýän önümleri bugdaý meýdanlaryna goýbermek, gowaça hasyly üçin gerek boljak bioönümleri öndürmek boýunça işler dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny