Şanly waka mynasybetli hoşallyk dabarasy

Şanly waka mynasybetli hoşallyk dabarasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bagtyýar halkymyzyň arzuw-yhlaslary bolup gülleýär, gül açýar!Biziň muňa şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi gadymy Lebapda Owganystan Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygyndaky 30 kilometr demir ýolunyň, Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt elektrik geçirijisiniň we Malaý gaz ýatagynda gaz gysyjy desgalaryň işe girizilmeginiň mysalynda hem magat göz ýetirýäris.

Bu şanly wakalar parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy ýüreginde aýdym, dillerinde dessan, kalplarynda bossan edip ýaşaýan bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny püre-pürleýär.Goňşy Owganystan döwletiniň ak asmanyny türkmen energetikasynyň nurlandyryp başlamagy, polat we aragatnaşyk ýollarynyň çekilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň sakasynda ýerleşýän Çynma-Çyna türkmen gazynyň iberilmegi diňe bir dostlukly ýurtlaryň däl eýsem, tutuş Gündogar sebitiniň taryhy üçin şanly waka öwrüldi.

Munuň özi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan aragatnaşyk, ýol, energetika we nebit-gaz ulgamlaryndaky özgerişleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Bu halkara taslamalary giň gerimli hyzmatdaşlyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak üçin täze şertleri döredýär.Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen bu taryhy wakalar mynasybetli, şu günler Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda maslahatlar geçirilýär. 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda şeýle dabaraly hoşallyk maslahaty ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda hem geçirildi.

Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda geçirilen maslahat Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýarlygyň goşa ganaty diýlip atlandyryldy.Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, döredijilik işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden belleniljek ýylyň başynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti, many-mazmuny, şeýle-de türkmen-owgan dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, milli mirasda aýdyň şöhlelenen köpasyrlyk taryhy kökleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatda şu taryhy ýylyň başynda işe girizilen täze desgalaryň ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen 30 sany dürli desgalardyr binalaryň ilkinji bäşisi hökmünde şanly ýylyň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy nygtaldy.

Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan, halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döreden iri taslamalaryň esasynda goňşy Owganystan döwletinde köpsanly täze iş orunlarynyň dörändigi, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň, ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda okap, dürli hünärler boýunça ýokary bilim alan owgan ýaşlarynyň ençemesiniň öz ýurtlarynda, döwrebap şertlerde zähmet çekmekleri üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolandygy barada maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler dünýä ýaň salan bu şanly wakalaryň iki ýurduň arasynda, şeýle-de sebitde medeniýet ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde hem aýratyn ähmiýete eýedigini tekrarladylar.Bellenilişi ýaly, täze demir ýoluň işe girizilmegi, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş düzümleriniň rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de açylyp, ulanmaga berlen bu iri desgalar goňşy ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, onuň sebitiň we dünýäniň söwda, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna has işjeň ýagdaýda goşulyşmagyna ýardam eder.

Maslahatlarda şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Hyzmatdaşlygyň täze ýollary dostluk-doganlyga hyzmat edýär.