Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar

Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, Aragatnaşyk hakynda, Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda, Maglumat we ony goramak hakynda, Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda, Kiberhowpsuzlyk hakynda, Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. Türkmenaragatnaşyk agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi.

Ähli derejedäki hünärmenlere sanly ulgamy öwretmek, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şolaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu maksatnama laýyklykda, kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlary agentligiň hem-de degişli edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirmek meýilleşdirildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi.

Goý, ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi berkitmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

Şasenem GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň işgäri.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30815

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi
2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi
Ulag-aragatnaşyk toplumy ösdürilýär
Kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlandy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Türkmenistan ÝHHG-niň telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan wideomaslahatyna gatnaşdy