
Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, Aragatnaşyk hakynda, Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda, Maglumat we ony goramak hakynda, Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda, Kiberhowpsuzlyk hakynda, Elektron resminama, elektron resminamanyň dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini we hukuk bilen baglaşylan geleşikleriň maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Konsepsiýanyň ýedi babynda hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär.
Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.
Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi döwlet saýty döredildi.
Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär.Bu usul merkezleşdirilen görnüşde hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Bu resminamalary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.
Goý, ykdysady strategiýanyň ýörelgeleri bilen bize halypalyk ýoluny görkezýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Täzegül PATIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26075