Sapar Pälwanow Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde akkreditirlendi

Sapar Pälwanow Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde akkreditirlendi

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde akkreditirlendi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berlen habara görä, ilçi 7-nji sentýabrda NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge ynanç hatlaryny gowşurdy.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýeten derejesini hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, hemişelik bitaraplyga, asudalyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we demokratiýa esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň harby doktrinasynyň diňe goranmak häsiýetine eýedigi, ýurduň ählumumy howpsuzlygy hem-de parahatçylygy berkitmek, milli bähbitleri goramak hem-de milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça edilýän tagallalaryň tarapdarydygy nygtaldy.

Mundan başga-da, S.Palwanow himiki, biologiki, radiologiki we ýadro howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlar, kiberhowpsuzlyk, harby lukmançylyk, terrorçylyga garşy göreş, bikanun neşe söwdasyna garşy göreş we harby hünärmenler üçin daşary ýurt dilini öwretmek ýaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçdi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, NATO-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Merkezi Aziýada sebitindäki durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerinde esasy hyzmatdaş hökmünde möhüm orna eýedigini belläp, ýurduň Owganystana ynsanperwer kömegini bermek ugrundaky işjeň tagallalaryna ýokary baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Russiýa Ýewropa bilen Sowuk söweşden soň baglaşan harby şertnamalaryny bes etdi
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”