Saraýewoda Türk filmleri hepdesi başlandy

Saraýewoda Türk filmleri hepdesi başlandy

Türk filmleri hepdesi Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde kino muşdaklaryna öz gapylaryny açdy.

Çäräniň çäginde türk kinosynyň eserleri tomaşaçylara görkeziler.

Türk filmleri hepdesi Birinji Jahan urşunda Sarygamyş frontyndaky esgerlere ok-däri daşamak üçin Wandan ýola çykan okuwçylaryň hekaýasyny gürrüň berýän "120" atly film bilen başlandy.

Film hepdeliginiň çäginde TRT tarapyndan taýarlanan multfilmler hem görkeziler.

Çärä saraýewoly kino muşdaklar uly gyzyklanma bildirýär.

11-nji gezek geçirilýän Türk filmleri hepdesi 4 gün dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Erdoganlar Maşgalasy “Aýbüke: Mugallyma Boldum Men” Filminiň Galasyna Gatnaşdy
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Türkiye-Yrak Liniýasynda Energiýa Diplomatiýasy
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Ankara-Bagdat Liniýasynda energetika gatnaşyklary we täze hyzmatdaşlyklar
Türkiýäniň Türkmenistandaky Täze Ilçisi Wezipesine Girişdi