Saud Arabystany demir ýollaryň uzynlygyny 8 müň kilometre ýetirmekçi

Saud Arabystany demir ýollaryň uzynlygyny 8 müň kilometre ýetirmekçi

Saud Arabystany golaý ýyllarda özüniň demir ýollarynyň zynjyryny 8 müň kilometre çenli ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň ulag ministri Saleh ben Naser al-Jasir Er-Riýad şäherinde Rail maslahatynyň we sergisiniň açylyş dabarasynda aýtdy diýip, Saudi Press habarlar gullugyna salgylanýan Report ýazýar.

Patyşalyga demir ýol ulgamynyň görlüp-eşidilmedik ösüşi garaşýar. Täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, golaý ýyllarda onuň yzynlygy 8 müň kilometrden geçer diýip, ministr nygtady.

Häzirki döwürde Saud Arabystanynyň demir ýollarynyň uzynlygy 5,5 müň kilometrden geçýär. Ministriň sözlerine görä, ulgamyň giňeldilmegi Patyşalyga sebitiň logistika merkezi bolmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň reaksiýasy
Eýran Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky düşünişmezlikleriň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegini nygtady