Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar

Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar

Türkiýe, Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan goranyş şertnamasynyň haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýandygyny mälim etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran anna güni NSosial arkaly beren habarnamasynda “Haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýan Mekge şertnamasy, üç ýurduň howpsuzlygyny we bilelikdäki öňüni alyş ukubyny güýçlendirmek bilen birlikde sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goşant goşar”diýdi.

Burhanettin Duran şertnamany “taryhy ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Duran şeýle hem Türkiýäniň Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda, dünýäde howpsuzlyk taýdan ynjyk döwrüň başdan geçirilýän günlerinde dost we doganlyk ýurtlar bilen edilýän strategik hyzmatdaşlyk arkaly sebitara we halkara durnuklylyga goşant goşmaga dowam etjekdigini nygtady.

Duran şertnamanyň üç ýurduň umumy gymmatlyklaryny goramak we howpsuzlyklaryny üpjün etmek baradaky ygrarlylygyny görkezýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Saud Arabystanyna sapar gurar
Abbas Türkiýä sapar eder
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Singapuryň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar