Saud Arabystanynda Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

Saud Arabystanynda Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

Saud Arabystanynyň howa güýçlerine degişli F-15 kysymly harby uçaryň adaty tälim uçuşyny amala aşyrýarka tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugy, Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Turki Al Malikiniň mesele hakyndaky beýannamasyna ýer berdi.

Howa güýçlerine degişli F-15 kysymly harby uçaryň düýn agşamara ýurduň gündogarynda ýerleşýän Şa Abdulaziz howa merkezinde tälim uçuşyny amala aşyrýarka heläkçilige uçrandygyny aýdan Maliki, uçaryň uçarmany bilen kömekçi uçarmanyň heläkçilikden sag aman halas bolandygyny ýatlatdy.

Maliki heläkçilik hakynda derňew işiniň gozgalandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Keniýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy
Daşoguzda bir hepdede dört çaga suwa gark boldy
ABŞ-da Iki Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
DKTR-da Bolan Ýol Heläkçiliginde 1 Esger Şehit Boldy
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy