Саудовская Аравия сняла большинство коронавирусных ограничений в стране

Саудовская Аравия сняла большинство коронавирусных ограничений в стране

5 martdan başlap Saud Arabystany koronowirus bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň aglaba köpüsini, şol sanda öýden daşarda örtük geýmekligi we bellenen aralygy saklamaklygy aýyrdy. Bu barada şenbe güni Saudi Gazette habar berdi.

Ýurduň IIM-niň maglumatlaryna laýyklykda, mundan bu ýana köpçülikleýin açyk we ýapyk çärelere barlanda hökmany örtük geýmek talap edilmez. Şeýle-de bolsa, metjitleriň içinde, şol sanda yslamyň Mekke we Medine ýaly keramatly ýerlerinde örtük geýmek düzgünini owalkylar ýaly berjaý etmek zerurdyr.

Ybadat edilýän öýleriň daşynda hem örtük geýmeklik maslahat berilýär.Patyşalygyň çägine girilende PZR testiň netijesini görkezmeklige we hökmany karantini berjaý etmeklige talap bildirilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, wizalaryň ähli görnüşleri boýunça ýurda gelýän adamlardan, zerur bolanda koronowirusdan bejergileri ödär ýaly, saglyk ätiýaçlandyrmalaryny görkezmeklik talap edilýär.

Mundan başga-da, Saud Arabystany Owganystandan we afrika döwletleriniň 16-syndan pandemiýa sebäpli gelmesi gadagan edilen uçuşlar üçin gadaganlygy aýyrdy.Neşiriň belleýşine görä, ýurduň epidemiologik ýagdaýy çäklendirmeleri aýyrmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde häkimiýetler COVID-19-a garşy waksinany, aýratynam onuň buster dozasyny almak boýunça milli meýilnamanyň mundan beýläk-de ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk