Şawkat Mirziýoýew “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagynyň döredilmegini tassyklady

Şawkat Mirziýoýew “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagynyň döredilmegini tassyklady

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň 28-nji fewralyndan “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Adalat ministrligi habar berdi.

Resminama laýyklykda, Horezm oblastynyň Şawat etrabynda ýerleşjek bu zolak harytlary saklamak, saýhallamak, söwdasyny etmek we ibermek üçin infrastruktura gurmaga niýetlenendir.

Bu söwda zolagynda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly önümleri kabul etmek, saklamak we saýhallamak babatda hyzmatlar hödürlener.

Erkin söwda zolagy erkin gümrük zolagy hökmünde hem hyzmat edip, ol Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň bölekleýin söwda işini amala aşyrmaga ýardam berer.

Özbegistanyň çäginde bolýan daşary döwletleriň raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar ýurtda bolmaklygyň we hereket etmegiň resminamalary esasynda aýratyn gözegçilik-geçiriş nokadyndan geçmeli bolarlar, olaryň yzyna dolanyp gelmeklerine bolsa, diňe şol nokadyň üsti arkaly rugsat beriler.

Söwda zolagynyň çäklerinde şahslaryň, ulag serişdeleriniň we ýükleriň erkin hereket etmeklerine rugsat ediler.

Bu zolakdaky binalar we desgalar elektron onlaýn bäsleşikli söwdanyň esasynda telekeçi taraplara kärendä berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türkmen-özbek serhetýaka zolagyndaky Söwda merkezi 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Prezident Erdogan Özbek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady