Saýat etrabynda döwlet dükanlaryndaky çöregi hususyýetçilere satýarlar, adamlar 13,5 manatlyk unuň ýany bilen 84 manatlyk haryt satyn almaly

Saýat etrabynda döwlet dükanlaryndaky çöregi hususyýetçilere satýarlar, adamlar 13,5 manatlyk unuň ýany bilen 84 manatlyk haryt satyn almaly

Iýulyň ahyrlarynda oba hojalyk boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow galla meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat beripdi.

Emma, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleriniň maglumatyna görä,muňa garamazdan sebitlerdäki döwlet dükaanlarynda çörek ýetmezçiligi dowam edýär.

Bu ýagdaýlardan peýdalanyp, gazanç etmek isleýän döwlet dükanlarynyň we çörekhanalaryň ýolbaşçylary arzan çöregi ilata dälde, telekeçilere satýarlar. Olar bolsa, öz söwda nokatlary arkaly çörekleri has gymmat bahadan satýarlar.

Mysal üçin, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň 19-njy döwlet dükanda (baş sahypadaky surat) tamdyr çörek 0,5 manada satylýar. Çörekleri alyjylar jemgyýetiniň çörekhanalaryndan ir sagat 9-da we öýlän 17-de getirýärler. Şol bir wagtda, ilata bu çörekleriň deň ýarysyny satýarlar we galanlaryny dükanyň başlygy hususyýetçilere 1 manatdan satýar.

Soňra şol çörek 3 manatdan satylýar.

Mundan owal telekeçiler çörekleri söwda ministrliginiň çörekhanalaryndan göni satyn alardylar. Ýöne, häzir ilaty çörek bilen üpjün etmek tabşyrylan ýerli häkimiýetler ähli çörekleriň döwlet dükanlaryna getirilmegine gözegçilik edýärler. Ýöne, bu çörek ýetmezçiligini çözmedi. Eger owal hususyýetçiler arzan çörekleri täzeden satmak üçin olary bişirýänlerden göni satyn alan bolsa, indi döwlet dükanlaryndan alýarlar.

Şeýlede hususy dükanlarda ýörite sargy bilen tamdyrda bişirilen çörekler hem satylýar.Olaryň bir bölegi 5-7 manatdan satylýar. Polisiýa wagtal-wagtal barlag geçirip, olary bişirýänleriň kimlerden un satyn alýandyklaryny anyklamaga çalyşýarlar.

Şol bir wagtda, 23-nji awgustda irden Lebap welaýatyndaky döwlet dükanlarynda norma boýunça tomusky üç aý üçin un satyldy. Bir aý üçin norma 4,5 kilo bolandygy üçin her adama 13,5 kilo un satyldy.

Emma, adamlar öňkiler ýaly unuň gapdalyndan başga harytlary hem satyn almalydy.Bu gezek ilata bahasy üç manat bolan ýerli üç çüýşe gazly suwy we tiz bişýän kofýäniň 50 paketiniň hersini 1,5 manatdan satyn aldylar.

Netijede, adamlar 13,5 manatlyk unuň ýany bilen 84 manatlyk harytlary satyn almaly boldylar.The post Saýat etrabynda döwlet dükanlaryndaky çöregi hususyýetçilere satýarlar, adamlar 13,5 manatlyk unuň ýany bilen 84 manatlyk haryt satyn almaly first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Ýurdumyzyň raýatlary Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Açlyk gozgalaňlarymy? Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we nägilelikler artýar
Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
Maryda tüwiniň gymmatlamagy palawyň hiline täsir ýetirdi
Baýramalynyň ýaşaýjylaryna elektrik togy üçin bergini üzmäge 3 gün berildi