Saýlawar we terrora garşy göreş

Saýlawar we terrora garşy göreş

Türkiýede güýçli depginde dowam eden saýlaw etaby tamamlanyp barýar. 14-nji maýda geçiriljek prezident we parlament saýlawlary Türkiýe taýdan diýseň möhüm.Saýlaw etabynda Türkiýe taýdan diýseň möhüm bolan käbir ugurlarda saýlawa gatnaşýan partiýalar we ýaranlyklar tapawutly tutum alyp barýar.

Terrora garşy göreş meselesi şol ugurlaryň iň esasylaryndan biri.Erdogan ýaňadandan prezidentlige saýlanan haatynda terrora garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini görmek bolýar.Emma Kemal Kylyçdaroglu saýlanan üstünlik gazanan halatda bu meselesinde alyp barjak tutumy näbelli bolmagynda galýar we aladalandyrýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýakyn Gündogar güýç oýunlary hemişe çaknyşyklaryň we haosyň täsiri astynda dowam etdi.Türkiýe taýdan hem şuňa meňzeş waka başdan geçirilýär.Hem sebitleýin aktýorlar hem-de halkara güýçler Ýakyn Gündogarda bähbitlerini goramak saklamak üçin wekillerinden ýerlikli peýdalanmagy adaty ýagdaýa getirdi. Şol çäkde terror guramasy hökmünde PKK-nyň Türkiýede iş alyp barmagyndan soň, Siriýada, Yrakda we Eýranda terror guramasy bilen arabaglanşykly guramalar ýüze çykdy.

Terror guramasy PKK, esasan Asada tabynlykdaky güýçleri tarapyndan guramalaşdyrlyp Türkiýä garşy ulanyldy.Onlarça ýylyň dowamynda müňlerçe adam terror guramasy sebäpli ýogaldy.Guramanyň Siriýadaky bölümi bolsa 2011-nji ýylda başlan içerki uruş sebäpli güýçlenip terrorçylykly hüjümler guramaga başlady.

Gurama Siriýada ÝPG ady bilen ýaragly topar döredip Afrin, Aýn al Arap we Haseke sebitlerini gözegçiligi astyna aldy.PKK, Siriýada başdan geçirlen wakalardan hyýanatçylykly peýdalandy.Hem Kandilde öz barlygyny dowam etdirýän KJK-ny, hem-de İmralyda tussaglykda bolan Abdullah Öjalany we Türkiýedäki syýasy guramalary PÝD/ÝPG-ni esasy merkezleri hökmünde kabul etdi.

Türkiýedäki “çözgüt etabyndan” hem ýerlikli peýdalanan terror guramasy Siriýada gün saýyn güýçlendi.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdaryşyk synanşygynyň kesgitleýji faktorlaryndan biri hem Siriýa boldy.Türkiýe uzak ýyllaryň dowamynda bu ynjyk geografiýada durnuklylygyny gorap saklap güýçli döwlet bolmak üçin göreşýärkä, beýleki tarapdan hem halkara aktýor bolmak üçin göreşýärdi.

Türkiýä garşy, Türkiýäniň halkara derejesinde täsiriniň güýçlenmegine garşy hemişe terrordan peýdalanyldy.FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň esasy maksady Türkiýäniň alyp barýan güýçli daşary syýasatyny tersine öwürmek we Siriýada terror döwletiniň gurulmagydy.

15-nji iýylyň yzy ýanynda Prezident R.T.Erdoganyň alyp baran täze howpsuzlyk syýasaty bilen Siriýada serhetaşa operasiýa başladyldy. 15-nji iýul şol nukdaý nazardan diýseň möhüm.

FETÖ-niň howpsuzlyk güýçleriniň başda durmagynda ähli edaradyr kärhanalara ornaşan agzalarynyň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän guramalardan saplanmagy, terror guramalary PKK/ÝPG-ä garşy başladylan göreş, täze asyrda terrora garşy göreşde Türkiýäni halkara güýje öwürjek syýasatyň hem kesgitleýji elementirdir.

Türkiýe bu ynjyk gegorafiýada barlygyny dowam etdirmek üçin oýuny kadasyna görýä oýnaýar.

Şol sebäpli hem Türkiýäniň terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy alyp barýan göreşi syýasatdan ýokarda tutulmaly milli howpsuzlyk meselesidir.Oppozisiýa hem bu meselä şeýle çemeleşmelidir.Emma özlerini 6 partiýaly ýaranlyk hökmünde beýan edýän oppozisiýanyň içinde terrora garşy tapawutly garaýyşda bolanlaryň bolmagy aladalandyryjy.

Millet ýaranlygynyň prezidentlige dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglunyň PKK-nyň syýasy bölüni HDP/ÝSP bilen hyzmatdaşlyk etmegi häkimiýetiň başyna geçen halatynda terrora garşy göreşe zeper ýetirip biler.Oppozisiýa bu meseledäki aladalary ordan aýyrmaly.

Ýene degişli makalalar

Terror Guramasy PKK/ÝPG Ýene-de 1 Gyzy Zamun Aldy
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
22-nji martda anna güni Russiýada terrorçylykly hüjüm guraldy