Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça ses bermek 2026-njy ýylyň 29-njy martynda saýlaw uçastoklarynyň 578-siniň hemmesinde sagat 7-de başlandy we 19-da tamamlanýar.

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 357666, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 140211, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 52296, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 43693 we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 109027 saýlawçy hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi