Saz sungatyna bagyşlanan çeper film

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tamamlanyp barýan “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýyly ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeniýet, sungat we kino durmuşynda hem uly üstünliklere beslendi. Ýurdumyzda köp sanly medeni çäreler geçirildi. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çeper hem-de dokumental filmler surata düşürildi.

Golaýda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda “Nejep oglan” filminiň ilkinji görkezilişi boldy.Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan dutaryň gudraty hem-de aýdym-saz sungaty hakyndaky bu film tomaşaçylarda uly täsirler döretdi. “Nejep oglan” atly türkmen halk dessanynyň esasynda döredilen filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy.

Wepa Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen bu filmde Nejebiň keşbini meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň ýuwlugy Söhbet Annamyradow janlandyrypdyr.Şeýle hem filmde Ýeserjäniň keşbini ýaş artist Didar Kowusow, Nejebiň ejesi Sonanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýramtäç Hojamämmedowa, Mylaýymyň keşbini Mähri Aýdogdyýewa, Horezm hanynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew, dutardan sapak berýän ussadyň keşbini Sahysalyh Baýramow, Derwüşiň hem-de Nejebiň ilkinji halypasy Kerem aganyň keşplerini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Seýitliýew ýerine ýetiripdir.

Nejebiň birnäçe ýyl şägirt bolup, ak pata alan ussady, aýdym-saz sungatynyň piri Aşyk Aýdyň piriň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew janlandyrypdyr.Türkmeniň gadymy aýdym-saz sungaty hakyndaky bu filmiň ýurdumyzyň köp ýerinde, esasan hem, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýerinde surata düşürilmegi, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu çeper filmde sazyň gudratynyň adamlara nähili derejede güýçli täsir edýändigi hem açylyp görkezilipdir.Hormatly Prezidentimiziň şöhratly geçmişimiz, aýdym-saz sungatymyz, ruhy gymmatlyklarymyz hakyndaky ajaýyp eserleri kino sungatymyz üçin ylham çeşmesidir.Bu çeper film Täze ýylyň bosagasynda sungat ussatlarynyň halkymyza eden özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Kinoteatlarda 10 — 15-nji oktýabrda görkeziljek filmler
Görelde gören sahna ussady
Saýra, dutar, parahatlyk mukamy!
Nejep oglan türkmen filmi Stambulda geçirilýän festiwala gatnaşýar
Stambulda “Gorkut Ata” Türk dünýäsi kinofestiwaly dowam edýär