Sazyň peýdasy

Sazyň adamyň ruhuna täsir edýändigi bellenilýär.Munuň dogrulygy ylmy taýdan subut edildi.Adam bedeni ýaşamak üçin nahar iýmäge, suw içmäge zerurlyk duýşy ýaly ruhy taýdan iýmitlenmäge-de zerurlyk duýýar.

Mahal-mahal ýeke wagtymyzda biygtyýar aýdyma hiňlenmegimiz hem muny subut edýär.Köp adam şol wagtky başdan geçirýän duýgularyna görä aýdym-saz diňlemegi halaýar.Amerikan alymlary ABŞ-da, Awstraliýada we Angliýada geçirilen sazyň ruhy dünýä täsiri barada 26 ylmy işi seljerdiler.

Ylmy seljermäniň netijeleri Journal of the American Medical Association Network Open atly žurnalda çap edildi.Makalada aýdym aýtmagyň, diňlemegiň we saz guralyny çalmagyň adama birmeňzeş täsir edýändigi bellenilýär. Şeýle hem bilermenler sazyň her adama başgaça täsir edýändigini ýüze çykardylar.

Mundan başga-da adamyň beýnisiniň sazy has ir, hatda ene göwresindekä duýýandygy anyklandy.Aýdym diňlemegiň çagalarda sözlere çalt düşünmäge ýardam edýändigi hem bellenildi.

Mahym MEREDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Berdimuhamedow Ahal welaýatynda Ýokanç keseller hassahanasyny açdy
13.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi